DÖREDIJILIK DUŞUŞYKLARY GEÇIRILDI

      Bagtyýar zamanamyzda Milli Liderimiziň kämil başlangyçlaryndan we hormatly Prezidentimiziň tagallalaryndan ruhlanyp, ýaşlaryň döredijilik başlangyçlaryny goldamak, olary täze gözleglere ruhlandyrmak maksady bilen dürli işler alnyp barylýar. Aýratynda, ýaşlar baradaky döwlet syýasatymyzdan ugur alnyp bu ugurdaky işlere has giň gerim berilýär. Welaýatymyzda ýurdumyzyň döredijilik işgärleri bilen birnäçe günläp geçirilen döredijilik duşuşyklary hem ýaş zehinlileri ýüze çykarmak, olary goldamak, olaryň başarnyklaryny artdyrmak maksadyna eýerdi.

      Türkmenistanyň halk ýazyjysy Orazguly Annaýewiň, «Biznes reklama» gazetiniň baş redaktory, şahyr Seýitmyrat Geldiýewiň we welaýatymyzyň döredijilik işgärleriniň, ýaş şahyrlaryň gatnaşmaklarynda geçirilen çäreler bu ugurda aýratyn ähmiýete eýe boldy. Lebap welaýat Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly-drama teatrynda, Lebap welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde, Lebap welaýat kitaphanasynda geçirilen duşuşyklara we maslahatlara welaýatymyzyň etrap-şäherlerinden döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlaryň, talyplaryň köpsanlysy gatnaşdylar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip atlandyrylan şanly ýylymyza bagyşlanylyp guralan bu çäreleriň dowamynda ýaşlar myhmanlara öz döredijilik işlerini okap berdiler we halypalara özlerini gyzyklandyrýan sowallar bilen ýüzlendiler. Bu geçirilen duşuşyklaryň täsirini has hem artdyrdy. Myhmanlar ýurdumyzda halypa şägirtlik ýörelgesi esasynda ýaş şahyrlary goldamak işiniň mundan beýläk-de dowam etdiriljekdigini, olaryň kämilleşmekleri üçin ähli mümkinçilikleriň dörediljekdigini aýtdylar. Şeýle hem, duşuşyklaryň dowamynda türkmen edebiýaty, Magtymguly Pyragy, döredijilik dogrusynda täsirli söhbetler edildi. Welaýatymyzyň medeniýet we sungat ussatlary özleriniň taýýarlan çykyşlary bilen myhmanlara ruhy lezzet paýladylar. Duşuşyklaryň dowamynda ýaşlaryň kämil ynsanlar we beýik şahsyýetler bolup ýetişmekleri üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna köp sagbolsunlar aýdyldy.

 

Rahman ERGEŞOW,

TMÝG-niň Lebap welaýat Geňeşiniň

başlygynyň orunbasary.

Meňzeş habarlar

04 Iýul 2024 | 0 okalan

ÝOL HADYSALARYNDAN ÄGÄ BOLUŇ!

02 Iýul 2024 | 64 okalan

KALBA KEŞDELENILÝÄN ŞYGYRLAR