ÝAŞLAR — WATANYMYZYŇ RÖWŞEN GELJEGI

       Ýagşy ynam — ak ýollara badalga. Hut şonuň üçin-de, ynamlar birleşip, ykrara, uly güýje eýe bolýar. Şol güýç bolsa synmaz derejä ýetip, dowamata ýol salýar. Diýmek, ýaşlara bildirilýän bu günki ynam dowamat-dowamymyza, ertirlerimiziň röwşenligine bildirilýän ynamdyr. Şundan ugur alnyp, döwletimizde ýaş nesilleriň ähli gujur-gaýratyny, bilimlerini we başarnyklaryny ulanmak arkaly täze taryhy eýýamda başy başlanan ägirt uly özgertmeleri üstünlikli dowam etdirmek wezipeleri durýar. Şonuň üçin-de, ýaşlarymyz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine gönükdirilen uzak möhletleýin maksatnamalary, geljegi uly taslamalary, meýilnamalary durmuşa geçirmek babatda maksada okgunly hereket edýärler, asylly hem-de beýik işlere mynasyp goşant goşmagy özlerine hem borç, hem buýsanç hasap edýärler.

       Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda: «Ynsanyň abraý-mertebesi, gadyr-gymmaty zähmeti bilen kesgitlenýär. Beýik maksatlara ýetmek üçin her bir ýaş ynsan zähmeti baýdak edinmelidir» diýip belleýär. Belent ynam bilen nygtalan bu çuňňur manyly jümlelerde nesillerimiziň merdana pederlerimiziň watansöýüjilik, mertlik, gaýduwsyzlyk, ruhubelentlik, zähmetsöýerlik ýaly ýol-ýörelgelerine eýerýän ýaşlar bolup ýetişmelidigini nygtalýar. Sebäbi Watana söýgi hem-de zähmet bilen bagt tapylýar, yhlas myradyna gowuşýar, üstünlikler täze-täze sepgitlere rowana bolýar.

       Hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynyň çapdan çykmagy, 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyrylmagy mynasybetli häzirki günlerde etrabymyzyň çäginde geçirilýän maslahatlardyr, «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlik duşuşyklary, tanyşdyrylyş dabaralary, wagyz-nesihat çäreleri giň gerime eýe bolýar.

       Şeýle çäreleriň biri hem, ýakynda Çärjew etrap häkimligi bilen bilelikde guramagymyzda etrabyň dürli edara-kärhanalarynda zähmet çekýän ruhubelent ýaşlaryň, ak sakgally il sylagly ýaşulularyň, mährem enelerimiziň gatnaşmaklarynda «Ýaşlar — Watanymyzyň röwşen geljegi» ady bilen geçirildi. Bu dabaraly maslahata gatnaşyp Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bütin halkymyza sowgat eden «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly çuňňur many-mazmuna we taryhy pursatlara baý ajaýyp eserini ilkinjileriň hatarynda maňlaýyna sylmak bagty miýesser eden ýaşulularymyz, ak saçly enelerimiz, bagtyýar ýaşlarymyz hormatly Prezidentimiziň ýiti zehininden çogup çykýan şeýle gymmatly eserleriniň höwriniň köp bolmagyny, galamynyň ujunyň ýiti bolmagyny tüýs ýüreginden arzuw etdiler. Halkymyzy agzybirlikde, dost-doganlykda, bolelin durmuşda ýaşadýan, jan Watanymyz Türkmenistany ösüşleriň täze belentliklerine sary bedew bady bilen ynamly öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyza, peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza kalplarynyň töründen çykýan alkyş sözlerini beýan etdiler.

 

Azat MAMEDOW,

TMÝG-niň Lebap welaýatynyň Çärjew

etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

04 Iýul 2024 | 0 okalan

ÝOL HADYSALARYNDAN ÄGÄ BOLUŇ!

02 Iýul 2024 | 64 okalan

KALBA KEŞDELENILÝÄN ŞYGYRLAR