KÖP OKAN — KÖP BILER

      Halkymyzda ýaş nesilleri ylymly-bilimli, sagdyn pikirli, giň dünýägaraýyşly, edepli we edenli edip ýetişdirmek meselesine irki döwürlerden bäri aýratyn ähmiýet berlip gelinýär. Şöhratly pederlerimiz döwre mynasyp nesilleriň kemala gelmegini gazanmakda hiç bir zady aýamandyrlar, şol sanda hiç bir zady ünsden düşürmändirler. Geçmişde halkymyzyň arasynda dürli ylymlardan baş çykarýan, danalaryň, beýik şahsyýetleriň, ägirtleriň dörändigi hem bu hakykaty delillendirýär. Sagdyn, zähmetsöýer, watançy nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek, olara döwrebap bilim bermek, beden we ruhy saglygyny berkitmek, şahsy başarnyklaryny ösdürmek ýaly wezipeleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem amala aşyrylýan döwlet maksatnamalarynyň esasy ugurlarynyň hatarynda bolmagynda galýar. Bu boýunça ýurdumyzda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynda hem birnäçe möhüm wezipeler göz öňünde tutulyp, üstünlikli durmuşa geçirilýär.

      Zehinli ýaşlary ýüze çykarmakda, olary täze gözleglere ruhlandyrmakda ýaşlar baradaky döwlet syýasatymyzdan ugur alnyp, ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň, şol sanda biz ýaşlaryň öňlerinde hem birnäçe möhüm wezipeler kesgitlenendir. Bu ugurda öňümizde duran borçlara jogapkärçilikli çemeleşmek maksady bilen mekdep okuwçylarynyň arasynda dürli çäreleri, döredijilik bäsleşiklerini yzygiderli geçirýäris. Şeýle çäreleriň birini ýakynda Dänew etrabynyň Merkezi kitaphanasynda hem guradyk. Kitaphananyň okyjy ýaşlarynyň arasynda «Köp okan — köp biler» diýen at bilen geçirilen çeper okaýyşly bäsleşik dana şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk şanly toýuna bagyşlandy. Oňa etrabymyzda döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlarymyz gatnaşdylar.

      Bäsleşige gatnaşyjylar özleriniň türkmen halkynyň akyldary, nusgawy edebiýatymyzyň görnükli wekili Magtymguly Pyraga bagyşlap ýazan şygyrlaryny okadylar. Şeýle hem şygyrlarda dana şahyrymyzyň edebi mirasyny, ynsanperwerlige, erkinlige, pelsepewi garaýyşlara bolan pikirleri dogrusyndaky çykyşlary ýerine ýetirdiler. Ýaşlaryň çeper döredijiliginde Bitarap Watanymyzyň, türkmen tebigatynyň, bagtyýar zamanamyzyň, nurana şu günümiziň waspy hem öz beýanyny tapdy. Bäsleşikde ýeňiji bolan we üstünlikli çykyş eden okuwçy ýaşlary TMÝG-niň Dänew etrap Geňeşi tarapyndan hormat hatlary bilen sylagladyk.

 

Maýa BEŞIMOWA,

TMÝG-niň Lebap welaýatynyň Dänew

etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

04 Iýul 2024 | 0 okalan

ÝOL HADYSALARYNDAN ÄGÄ BOLUŇ!

02 Iýul 2024 | 64 okalan

KALBA KEŞDELENILÝÄN ŞYGYRLAR