ÝAŞLAR BILEN DUŞUŞYK GURALDY

      Ýaş nesliň bagtyýar şu gününi we nurana ertirlerini berkarar etmegiň hatyrasyna eziz Diýarymyzda ykbal özgerdiji özgertmeler amala aşyrylýar. «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda alnyp barylýan ýaşlar syýasatynyň hukuk binýady has-da pugtalandyrylyp, ýaşlar üçin döredilýän mümkinçilikleriň çygry barha giňeldilýär. Bu beýik özgertmeler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe her bir ynsanyň durmuşyna ýakymly we ýatdan çykmajak wakalary bagyş edýär. Ynha, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynyň elimize gowuşmagy hem şanly ýylymyzyň iň ýakymly wakalarynyň birine öwrüldi. Kitabyň sahypalaryndan, dürdäne setirlerinden hem görnüşi ýaly, ata Watanymyzyň nurana ertirini berkarar etmegiň hatyrasyna alnyp barylýar işleriň gerimi barha giňeýär. Bular dogrusynda ýakynda etrabymyzdaky 59-njy orta mekdepde geçirilen dabaraly maslahatda hem täsirli çykyşlara giň orun berildi.

      «Berkarar döwletde bagtyýar ýaşlar» diýen at bilen geçirilen bu maslahata etrabyň iri jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ýaşulular, bilim işgärleri gatnaşdylar. Ildeşlerimiziň ýürek buýsançlaryndan hem görnüşi ýaly, Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz biz ýaşlara uly ynam bildirýärler, ýurdumyzda ýaşlaryň güýç-gaýratyna zähmet joşgunyna aýratyn bil baglanylýar. Türkmen ýaşlarynyň islän hünäriniň eýeleri bolmaklary, sagdyn dynç almaklary we netijeli zähmet çekmekleri üçin döredilýän giň mümkinçilikleri bolsa biz her ädimde görýäris. Umuman aýdanyňda, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri turuwbaşdan bütinleý ýurduň daýanjy, döwletimiziň baýdak göterijileri hasaplanýan ýaşlaryň ykbalyndaky özgertmeler, ählumumy aladalar bilen gurşalyp alnandyr. Şu günki bagtyýar ýaşlarymyz özleri üçin edilýän aladalara jogap edip, geljekde Watanymyzyň ykdysady, syýasy we medeni durmuşynyň galkynmagyna özleriniň mynasyp goşantlaryny goşjak kämil şahsyýetleriň bolup ýetişerler. Şeýle-de maslahatda ýaşlarymyzyň watansöýüjilik, asyllylyk, milli ahlak gymmatlyklaryny hormatlamak ruhunda terbiýelenmekleri ugrunda alnyp barylýan işleriň, merdana pederlerimiziň, ene-mamalarymyzyň ýol-ýörelgelerini, ýagşy gylyklaryny ýaşlaryň arasynda wagyz etmekde durmuşa geçirilýän wezipeleriň ähmiýeti dogrusynda hem aýratyn nygtaldy.

      Maslahata gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň ilkinji kitabynyň türkmen ýaşlary üçin Watany söýmekde, onuň daýanjy bolmakda uly gollanma öwrüljekdigini aýratyn nygtadylar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwletimizi bagtyýarlygyň, abadançylygyň mekanyna öwren Milli Liderimiziň we hormatly Prezidentimiziň janlarynyň sag, belent başlarynyň aman bolmagyny, döwletli tutumlarynyň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

 

Gülşirin MAMEDOWA,

TMÝG-niň Köýtendag etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

04 Iýul 2024 | 0 okalan

ÝOL HADYSALARYNDAN ÄGÄ BOLUŇ!

02 Iýul 2024 | 64 okalan

KALBA KEŞDELENILÝÄN ŞYGYRLAR