ÝAŞLAR – DÖWLETIŇ GÜÝÇ-KUWWATY

       2024-nji «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň goşgularyndaky terbiýeçilik ähmiýetli öwüt-nesihatlaryny, millilik, däp-dessur we edep-terbiýe kadalaryny, sagdyn-durmuş ýörelgelerini, maşgala gymmatlygyny ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmek we ýaş nesli şol ruhda terbiýelemek maksady bilen, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Kerki etrap Geňeşiniň agzybir işgärleri we işjeň agzalary etrabynyň orta mekdeplerinde wagyz-nesihat çärelerini yzygiderli geçirýär. Ýokary synp mekdep okuwçylarynyň gatnaşmagynda «Ýaşlar – döwletiň güýç-kuwwaty» diýen at bilen geçirilýän şeýle terbiýeçilik ähmiýetli çärelere ýaşlar işjeň gatnaşýarlar. Maslahatyň dowamynda halypa mugallymlaryň, Kerki etrap bilim bölüminiň hünärmenleriniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Kerki etrap Geňeşiniň işgärleriniň we işjeň agzalarynyň çykyşlaryna giň orun berilýär. Şeýle-de çykyşlarda halkymyza mahsus bolan millilik ýörelgeler, olaryň nesilleriň arasynda dowam etdirilişi dogrusynda hem aýratyn nygtalýar. Edilýän täsirli çykyşlar ýaşlary watançylyk, ýokary ahlaklylyk, millilik ruhunda terbiýelemäge giň mümkinçilikleri açýar.

 

Arzuw RAHMANOWA,

TMÝG-niň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

02 Iýul 2024 | 2 okalan

KALBA KEŞDELENILÝÄN ŞYGYRLAR

02 Iýul 2024 | 1 okalan

SUNGATYMA SARPAM BAR

28 Iýun 2024 | 26 okalan

GALLAÇYLARYŇ ÝARDAMÇYLARY