TÜRKMENIŇ ŞAMÇYRAGY – MAGTYMGULY PYRAGY

      Golaýda şeýle şygar bilen, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşi Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň welaýat komiteti, welaýat medeniýet müdirligi hem-de Daşoguz şäheriniň çagalar çeperçilik mekdebi bilen bilelikde, welaýatyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde surat çekmek we sergi bäsleşigini geçirdi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda ösüşlere, özgerişlere, gün-günden gözellige beslenýän Diýarymyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Gündogaryň beýik akyldary, nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilen bäsleşige Daşoguzyň M.Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň mugallymlary, talyp ýaşlary, welaýatyň çagalar çeperçilik hem-de çagalar sungat mekdepleriniň çeperçilik bölüminiň mugallymlary we okuwçylary gatnaşdylar. Nakgaşçylyk, halyçylyk, heýkeltaraşlyk, zergärçilik we çeperçilik sungatynyň ähli hünär ugurlary, şeýle-de, däneden ýasalyp, bäsleşige hödürlenen eserlerde Magtymguly Pyragynyň nusgalyk ömür ýoly, dürdäne döredijiligi wasp edildi. Surat çekmek we sergi bäsleşigi özüniň köp öwüşginliligi bilen tapawutlandy. Onuň ýeňijilerine bäsleşigiň guramaçylary tarapyndan Hormat hatlary hem-de ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

      Bäsleşige gatnaşanlar dana akyldaryň döredijiligini köptaraplaýyn öwrenmäge, ony dünýä ýaýmaga ähli şertleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş we hoşallyk sözlerini aýtdylar.

 

 

Mämmetjan BABAÝEW,

TMÝG-niň Daşoguz welaýat Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar