Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Şabat etrap Geňeşi etrabyň bilim bölümi bilelikde, etrap medeniýet merkezinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen bilelikde, Milli bahar baýramy mynasybetli ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdepleriniň 2 – 4-nji synplarynda okaýan okuwçy gyzlaryň arasynda yglan eden “Iň eýjejik gyzjagaz – 2024” atly şadyýan bäsleşigiň Daşoguz welaýatynyň Şabat etrap tapgyryny geçirdi. Bäsleşige gatnaşan eýjejik gyzlar özleriniň şowhunly çykyşlarynda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda we türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe alnyp barylýan beýik tutumlary, eziz Watanymyzy, bagtyýar çagalygy wasp edýän aýdym-sazly çykyşlary, ene-mamalarymyzdan nesilden-nesle geçip gelýän milli el işleriniň görnüşlerini ýerine ýetirdiler hem-de milli egin-eşiklerimizi şahyrana sözler bilen wasp etdiler.
Bäsleşigiň emin agzalarynyň gelen netijelerine laýyklykda, 17-nji orta mekdebiň 2-nji synp okuwçysy Arzuw Saparowa 1-nji orna, 44-nji orta mekdebiň 4-nji synp okuwçysy Farangiz Şohratowa 2-nji orna, 50-nji orta mekdebiň 4-nji synp okuwçysy Ogulaý Jumageldiýewa 3-nji orna mynasyp boldular. Ýeňijiler şadyýan bäsleşigiň welaýat tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Bäsleşigiň ýeňijilerine we üstünlikli çykyş eden gyzjagazlara Ýaşlar guramasynyň ýerli Geňeşiniň etrabyň bilim bölümi bilen bilelikdäki Hormat hatlary hem-de ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Rahatoý HAÝTMETOWA,
TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň Şabat etrap Geňeşiniň uly buhgalteri.