RÖWŞEN YKBALLY NESIL

      Ýaňy-ýakynda şeýle şygar bilen, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşi welaýatyň jemgyýetçilik guramalary hem-de hukuk goraýjy edaralary bilen bilelikde, ýaşlaryň arasynda terbiýeçilik işini güýçlendirmek, olaryň dürli nogsanlyklardan we zyýanly endiklerden daşda durmaklaryny gazanmak, türkmeniň döwletlilik ýörelgelerini, däp-dessurlarymyzy wagyz etmek maksady bilen, Türkmen oba hojalyk institutynda wagyz-nesihat duşuşygyny geçirdi. Duşuşykda Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy Hanbaý Saparow, welaýat polisiýa müdirliginiň polisiýanyň ýol gözegçilik bölüminiň gözegçisi Atageldi Saparmedow, welaýat polisiýa müdirliginiň ýangyn howpsuzlygy bölüminiň wagyz-nesihat boýunça gözegçisi Serdar Arazberdiýew, welaýat prokurorynyň hukuk üpjünçiligi boýunça uly gözegçisi Bilbil Saparowa, welaýat polisiýa müdirliginiň 4-nji bölüminiň uly gözegçisi Selbi Saparnazarowa, TMÝG-niň welaýat Geňeşiniň baş hünärmeni Nurýagdy Galpakow, welaýat narkologiýa hassahanasynyň bölüm müdiri Bekmyrat Ysmaýylow dagylar çykyş etdiler. Ony Türkmen oba hojalyk institutynyň uly mugallymy Ýazguly Ataýew alyp bardy. Wagyz-nesihat duşuşygynda çykyş edenler ýurdumyzda hereket edýän Kanunlar we olardan gelip çykýan wezipeler, sagdyn durmuş ýörelgesiniň ähmiýeti hem-de bu ýörelgäni her bir adamyň durmuşyna ymykly ornaşdyrmak üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan döredilýän giň mümkinçilikler, üstünlikli dabaralanýan ýaşlar baradaky döwlet syýasaty, ýaş nesilleri halallyga uýýan, mert-merdana, il-halkyny söýýän, watansöýüji, ylym-bilim taýdan ýüküniň ýetik, milliligimize, şöhratly taryhymyza, däp-dessurlarymyza guwanýan, buýsanýan ruhdaky ýaşlar edip terbiýeläp ýetişdirmek, olaryň ýaramaz endiklerden daşda durmaklaryny gazanmak, terbiýeçilik işiniň ähmiýeti, onuň berýän netijeleri, ynsanperwer ýörelgeler, ýaşlaryň eziz Watanymyzyň ösüşlerine goşýan uly goşantlary dogrusynda giňişleýin belläp geçdiler. Bu duşuşyk çykyşlaryň täsirliligi hem-de ýatda galyjylygy bilen tapawutlandy.

 

 

                                                                                                Wepa ESENOW,

TMÝG-niň Daşoguz welaýat Geňeşiniň hünärmeni.

Meňzeş habarlar