Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäher Geňeşi Daşoguz welaýat Baş bilim müdirligi bilen bilelikde, hormatly Prezidentimiziň ýaşlara berýän sargytlaryndan, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň bagtyýar nesilleriniň bolelin durmuşda ýaşamagy, şadyýan, sagdyn ösmegi, döwrebap bilim-terbiýe almagy, hünär öwrenmegi, geljekde eziz Watanymyza peýdaly adamlar bolup ýetişmekleri üçin durmuşa geçirýän beýik işlerinden ugur alyp, ösüp gelýän ýaş nesilleriň sungata, döredijilige bolan söýgüsini artdyrmak, bilimlerini kämilleşdirmek, zehinli çagalary ýüze çykarmak we olary goldamak, olaryň ähli taraplaýyn kämil ýaşlar bolup ýetişmegini gazanmak maksady bilen, Daşoguz şäheriniň 29-njy orta mekdebiniň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen bilelikde, Milli bahar baýramy mynasybetli, ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdepleriniň 2 – 4-nji synplarynda okaýan okuwçy gyzlaryň arasynda yglan eden “Iň eýjejik gyzjagaz – 2024” atly şadyýan bäsleşigiň Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäher tapgyryny geçirdi.
Gyzjagazlar bäsleşigiň bellenen şertleri boýunça çykyş edip, ýokary taýýarlyk derejelerini äşgär etdiler. Olar hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda gülläp ösýän Watanymyzy, bagtyýar çagalygy wasp edýän goşgulary, aýdymlary ýerine ýetirdiler. Keşdeler, nagyşlar bilen bezelen milli egin-eşiklerde şaý-sepleri dakynyp, olary şahyrana wasp etdiler. Bäsleşigiň ahyrky şertine laýyklykda, milli el işlerini ýerine ýetirmek boýunça öz ukyp-başarnyklaryny görkezdiler.
Eminler toparynyň gelen netijelerine görä, has tapawutly çykyş eden gyzjagazlar şadyýan bäsleşigiň ýeňijileri diýlip, yglan edildiler. Netije-de, 1-nji orna Daşoguz şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 25-nji orta mekdebiniň 2-nji synp okuwçysy Medine Nagmatyllaýewa, 2-nji orna Daşoguz şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 10-njy orta mekdebiniň 4-nji synp okuwçysy Gülüstan Kakajykowa mynasyp bolup, olar bäsleşigiň welaýat tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Bäsleşigiň ýeňijilerine we oňa işjeň gatnaşanlara Ýaşlar guramasynyň ýerli Geňeşiniň Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Çynar MÄMEDOWA,
TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäher
Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri.