Ýaňy-ýakynda şeýle şygar bilen, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşi Daşoguz welaýat medeniýet müdirligi, Daşoguzyň M.Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebi bilen bilelikde, welaýatyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyny hem-de türkmen halkynyň beýik akyldary, nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaralandyrmak maksady bilen, maslahat duşuşygyny geçirdi. Oňa Daşoguzyň M.Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň hem-de Daşoguz welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň talyp ýaşlary, Ýaşlar guramasynyň işjeň agzalary, medeniýet we sport pudaklarynyň wekilleri gatnaşdylar. Täsirli çykyşlara baý bolan maslahatda Daşoguz welaýat çagalar sungat mekdebiniň müdiriniň orunbasary, Türkmenistanyň Halk artisti Almagül Nazarowa, Daşoguz şäher bagşylar muzeýiniň direktory Begenç Haknazarow, TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň Görogly etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni Kemal Sabyrow, Daşoguzyň M.Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň mugallymy, Ilkinji Ýaşlar guramasynyň başlygy Aýgül Annamedowa, Daşoguz welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň ylmy işgäri Gözel Köpükliýewa hem-de Daşoguzyň M.Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň talyby Mähri Gurbangeldiýewa dagylar çykyş etdiler. Maslahatyň özenini ata-babalarymyzdan miras galan paýhas hazynasynda Magtymguly Pyragynyň edebi mirasynyň ornunyň aýratyndygy, şahyryň pähim-paýhasa, öwüt-ündewe ýugrulan döredijiligi bilen, ýaş nesli terbiýelemegiň nusgalyk ýoluny kemala getirendigi, akyldaryň döredijiligindäki ýaş nesle edep-terbiýe bermek üçin ulanylan öwüt-ündewleriň çuň mazmunlylygy we köpdürliligi babatda tapawutlanýandygy baradaky buýsançly çykyşlar düzdi.
Şanly ýylymyz mynasybetli şeýle mazmunly çäreler welaýatyň çägindäki ähli edara-kärhanalarda hem geçirilýär.
Serdar ŞYHYÝEW,
TMÝG-niň Daşoguz welaýat Geňeşiniň
başlygynyň orunbasary.