Golaýda şeýle mazmunly şygar astynda, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäher Geňeşiniň welaýatyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi bilen bilelikde guramagynda, 2024-nji ýylyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly pyragy” ýyly diýlip atlandyrylmagy mynasybetli hem-de bu şanly ýylda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny toýlamak maksady bilen, ýaşlaryň gatnaşmagynda “tegelek stoluň” başynda söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi. Söhbetdeşlikde çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň halkymyza, hususan-da, türkmen ýaşlaryna peşgeş eden ilkinji eseriniň — «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ajaýyp kitabynyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyna şan berendigi barada uly buýsanç bilen bellediler. Türkmen ýaşlarynyň akyldar şahyryň arzuwlan beýik zamanasynda özleri üçin döredilýän ähli şertlerden we mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanyp, döwletimiziň ösüşlerine mynasyp goşant goşýandyklary, öz öňlerindäki belent borja ygrarly ýaşaýandyklary, işleýändikleri, gurýandyklary we döredýändikleri barada nygtap geçdiler.
Sabyrgeldi BEGOW,
TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň
Daşoguz şäher Geňeşiniň başlygy.