Ýaňy-ýakynda Daşoguz şäherindäki “Maral” toý mekanynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň bilelikde, ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdeplerinde hereket edýän gyzlar gurnaklarynyň arasynda yglan eden “Iň gowy gyzlar gurnagy” atly bäsleşigiň Daşoguz welaýat tapgyry geçirildi. Oňa bäsleşigiň etrapdyr şäher tapgyrlarynda ýeňiji bolan gyzlar gatnaşdylar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesli milli gymmatlyklarymyzyň esasynda terbiýelemek, ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdeplerinde hereket edýän gyzlar gurnaklarynyň alyp barýan işlerini has-da işjeňleşdirmek, okuwçy gyzlarda zähmetsöýerligi, gyz edebini, ahlak gözelligini, türkmen gyzlaryna mahsus bolan asylly gylyk-häsiýetleri terbiýelemek, olarda ene-mamalarymyzdan miras galan däp-dessurlarymyza sarpa goýmak duýgusyny ösdürmek maksady bilen geçirilen bäsleşikde okuwçy gyzlar özleriniň ukyp-başarnyklaryny ussatlyk bilen açyp görkezdiler.
Bäsleşik üç şertden ybarat boldy. Oňa gatnaşan gyzlar öz okaýan mekdeplerinde hereket edýän gyzlar gurnagynyň ady, nyşany, şygary bilen çeper sözde tanyşdyrdylar. Gurnakda okuwçy gyzlar bilen alnyp barylýan işler dogrusynda gürrüň berdiler. Ene-mamalarymyzdan dowam edip gelýän däp-dessurlara sarpa goýmagy ündeýän terbiýeçilik ähmiýetli rowaýatlaryň, aýdymlaryň, goşgularyň, gazallaryň üsti bilen döredijilik başarnyklaryny hem-de türkmen milli saçagyny bezemek boýunça öz ukyplaryny görkezdiler.
Şeýlelik-de, bäsleşigiň welaýat tapgyrynda Görogly etrabynyň 41-nji orta mekdebiniň “Bagtyýar gyzlar” gyzlar gurnagy 1-nji, Köneürgenç etrabynyň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 59-njy orta mekdebiniň “Bägül” gyzlar gurnagy 2-nji, Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň 13-nji orta mekdebiniň “Milli nagyş” gyzlar gurnagy 3-nji orna mynasyp boldular. Bäsleşikde 1-nji orna mynasyp bolan “Bagtyýar gyzlar” gyzlar gurnagy onuň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandy.
Ýeňijilere we oňa işjeň gatnaşanlara TMÝG-niň Daşoguz welaýat Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Altyn ATAKOWA,
TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň Görogly etrap Geňeşiniň bölüm müdiri.