Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Görogly etrap Geňeşiniň, etrap bilim bölüminiň, etrabyň bedenterbiýe we sport bölüminiň bilelikde guramaklarynda, 1-nji sport mekdebinde stol tennisi boýunça bäsleşik geçirildi. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly mynasybetli geçirilen ýaryşyň esasy maksady geljegimiz bolan ýaşlaryň berk bedenli, sagdyn ruhly bolup ýetişmegini gazanmakdan we sport ussatlyklaryny ýokarlandyrmakdan ybarat boldy. «Sport – ýaşlaryň ýakyn hemrasy» atly şygar astynda geçen bäsleşige orta mekdeplerden gelen okuwçylar uly höwes bilen gatnaşyp, ukyp-başarnygyny, erjelligini görkezdiler. Gyzykly geçen ýaryşyň netijesinde, onuň emin agzalary mekdep okuwçylarynyň arasyndan has ussatlaryny – ýeňijileri ýüze çykardylar. Ýeňijilere Ýaşlar guramasynyň ýerli Geňeşi tarapyndan Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.
Altyn ATAKOWA,
TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň Görogly etrap Geňeşiniň bölüm müdiri.