DANA ŞAHYRYŇ HORMATYNA

      Akyldar şahyr, beýik pelsepeçi hasaplanýan Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli 2024-nji ýylymyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip atlandyrylmagy ýurdumyzda nusgawy edebiýatymyzyň görnükli wekili dana şahyrymyza we onuň giň döredijilik dünýäsine goýulýan sarpadan nyşandyr. Görnüşi ýylyň, şanly ýylymyzyň dowamynda birnäçe medeni çäreleriň geçirilmegi göz öňünde tutulyp, olar eýýäm giň gerime eýe bolup ugrady. Biz hem beýik şahyrymyzyň adyny uly buýsanç bilen göterýän gurama hökmünde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly mynasybetli, şeýle hem beýik söz ussadynyň dürdäne şygyrlaryny ýaşlaryň arasynda wagyz-nesihat etmek maksady bilen dürli medeni çäreler, maslahatlary yzygiderli geçirýäris. Şeýle çäreleriň birini ýakynda Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde hem geçirdik. «Beýik şahyryň arzuwlan zamanasynda» diýen at bilen geçirilen bu dabaraly maslahata Türkmenabat şäher Beýik Watançylyk urşy muzeýiniň işgärleri, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Türkmenabat Geňeşiniň işjeň agzalary, muzeýiň hünärmenleri, harby gullukçylar hem-de esgerler gatnaşdylar.

      Dabaraly maslahatda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynda amala aşyrylýan beýik özgertmeler hem-de akyldar şahyryň döredijiligi bilen baglanyşykly many-mazmunly çykyşlara giň orun berildi. Çykyş eden ildeşlerimiz beýik akyldaryň şygyrlaryndan söz açyp, ol dürdäne setirleriň ýaşlara watançylyk terbiýesini bermekdäki ähmiýetine aýratyn ünsi çekýärler. Ähli şygyr äleminiň wepaly hyzmatkärine deňelýän Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynyň okalmagy, onuň ady bilen baglanyşykly rowaýatlaryň diňlenilmegi beýik şahyrymyza we onuň döredijiligine buýsanjymyzy has-da artdyrýar. Çykyşlarda nygtalyşy ýaly, şanly ýylymyzyň şygary bilen baglanyşykly ýurdumyzda we dostlukly ýurtlarda döwlet we halkara çäreleriň geçirilmeginiň meýilleşdirilmegi Magtymguly Pyragynyň giň we köpugurly döredijilik dünýäsini tutuş dünýäde şöhratlandyrmaga giň mümkinçilikleri açýar. Şeýle hem maslahata gatnaşyjylar şöhratly taryhymyzy, däp-dessurlarymyzy, milli mirasymyzy, geçmişde öçmejek yz goýan taryhy şahsyýetlerimizi şöhlelendirýän muzeý gymmatlyklary bilen baýlaşdyrylan sergilere hem tomaşa etdiler. Şeýle mazmunly çäreler ýaşlaryň kalplarynda ata Watanymyza, mähriban halkymyza bolan söýgüsini artdyrmaga, olaryň gahrymançylyk, edermenlik duýgularyny ösdürmäge itergi berýär.

      Yzygiderli geçirilýän şeýle çäreleriň dowamynda ýylyň şygary bilen baglanyşykly edebi-sazly çykyşlara, kompozisiýa eserlerine, şygyr bäsleşiklerine, aýdym-sazly dabaralara hem giň orun berilýär. Beýik şahyrymyzyň edebi mirasyny öwrenmäge, wagyz etmäge we dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize köp sagbolsun aýdýarys.

 

Ýusup BABAKULOW,

TMÝG-niň Türkmenabat şäher Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

28 Iýun 2024 | 23 okalan

GALLAÇYLARYŇ ÝARDAMÇYLARY

28 Iýun 2024 | 61 okalan

TÜRKMEN RUHUNYŇ SARSMAZ SÜTÜNI

28 Iýun 2024 | 24 okalan

DÖREDIJILIK DUŞUŞYGY GEÇIRILDI