ÇEKSEŇ ZÄHMET, ÝAGAR REHNET

      Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Gyzylarbat etrap Geňeşi etrabyň edara-kärhanalary bilen bilelikde Gyzylarbat etrap Janahyr medeniýet öýünde ýaşlaryň arassa, halal zähmet çekmeklerini gazanmak maksady bilen «Çekseň zähmet, ýagar rehnet» atly wagyz-nesihat duşuşygyny geçirdi. Wagyz-nesihat duşuşygynda çykyş edenler türkmeniň döwletlilik ýoly bolan ata-babalarymyzdan miras galan halallyk, halal ýaşaýyş, halal gazanç, halal zähmet diýen düşünjeler dogrusynda giňden beýan etdiler. Mundan başgada «Paýhas çeşmesi» atly kitapdan ugur alyp, «Halal zähmet – baky döwlet», «Eklenjiň yzyndan diňe halallyk ýeter», «Halal işe, haýyr tap» ýaly ajaýyp nakyllarynyň üsti bilen halallygyň adamyň durmuşynda has uly orny eýeleýändigi bellenip geçildi. Çäräniň ahyrynda halal, asuda parahat durmuşda ýaşamaga giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden sag bolsunlar aýdyldy.

 

Güljahan GARAÝEWA,

TMÝG-niň Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynyň 

Guramaçylyk bölümininiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

21 Noýabr 2024 | 26 okalan

«MERDANA NESIL-2024»

20 Noýabr 2024 | 35 okalan

SPORT – SAGDYNLYGYŇ ÇEŞMESI

18 Noýabr 2024 | 39 okalan

YNAMA WEPALY ÝAŞLAR