Ýaş nesilleri hemmetaraplaýyn ylymly-bilimli edip terbiýelemek, kiçi ýaşly gyzjagazlary türkmen gelin-gyzlarynyň asyrlar boýy dowam edip gelýän asylly däplerine, edep-ekramyna uýmaga çagyrmak we zehinli çagalary ýüze çykarmak maksady bilen, Milli bahar baýramy mynasybetli ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdeplerinde okaýan kiçi ýaşly okuwçy gyzjagazlaryň arasynda «Iň eýjejik gyzjagaz – 2024» atly şadyýan bäsleşiginiň Berkararlyk etrap tapgyry Aşgabat şäheriniň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 80-nji orta mekdebiniň mejlisler jaýynda geçirildi. Eýjejik gyzjagazlaryň sungat älemindäki zehinlerini ýüze çykarmagy, döredijilik ukyplaryny we bilimlerini kämilleşdirmegi maksat edinýän bäsleşigiň şatlyk-şowhuny degre-daşy gurşap aldy. Bäsleşigiň bellenen şertlerini ýerine ýetirmekde gyzjagazlar öz zehinlerini, ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Oňa gatnaşan gyzjagazlar Berkarar döwletimizde alnyp barylýan tutumly işleri, bagtyýar çagalygy, dost-doganlygy, milli gymmatlyklarymyzy, sporty wasp edýän aýdymlary joşgunly ýerine ýetirdiler.
Bu bäsleşikde körpeje gyzjagazlaryň arasynda 1-nji orna Aşgabat şäheriniň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 134-nji orta mekdebiniň 3-nji synp okuwçysy Jumamyradowa Aýkäbe, 2-nji orna Aşgabat şäheriniň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 133-nji orta mekdebiniň 3-nji synp okuwçysy Çaryýewa Jeren, 3-nji orna Aşgabat şäheriniň 24-nji orta mekdebiniň 2-nji synp okuwçysy Poladowa Zöhre, Aşgabat şäheriniň 80-nji orta mekdebiniň 3-nji synp okuwçysy Kömekowa Zyýada dagylar mynasyp boldular. Bäsleşige gatnaşan gyzjagazlara TMÝG-niň Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlar we Hormat hatlary gowşuryldy.
Senem GARAÝEWA,
TMÝG-niň Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap
Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň müdiri.












