ZEMINIŇ ZYNATYDYR ZENANLAR

      Ynha, Güneşli ülkämize ýene-de bahar pasly geldi. Baharyň gelmegi diňe bir tebigata özboluşly bezeg bermän, eýsem, ynsan kalbyny hem mähir, söýgi we şatlyk bilen gurşap alýar. Bahar paslynyň ilkinji günlerinde Halkara zenanlar gününiň uludan baýram edilmegi ýurdumyzda zenan mertebesiniň belentden tutulýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Çünki öý-ojaklarymyzyň bezegi mährem zenanlarymyzyň, gelin-gyzlarymyzyň halkymyzyň millilik ýörelgeleriniň, köp asyrlyk däp-dessurlarynyň dowamat dowam bolmagynda aýratyn hyzmatlary we tagallalary bardyr. Hut şu esasdan hem, kümüş saçly mährem enelerimiz we gelin-gyzlarymyz ýurdumyzyň syýasy jemgyýetçilik, medeni durmuşynda mynasyp orny eýeleýärler.

      «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda giňden bellenilýän Halkara zenanlar güni mynasybetli ýurdumyzyň ähli ýerini baýramçylyk dabaralary gurşap aldy. Biz hem şeýle aýdym-sazly dabaralaryň birini Türkmenabat şäheriniň «Türkmenistan» toý mekanynda geçirdik. «Zenan mertebesi gaýtalanmajak mukaddeslikdir» diýen at bilen geçirilen bu aýdym-sazly baýramçylyk çäresini Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat, Türkmenabat şäher, Çärjew etrap Geňeşleri hem-de Lebap welaýat ýörite sungat mekdebi bilelikde gurnadylar. Oňa jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, welaýatymyzyň öňdebaryjy gelin-gyzlary, işewür zenanlar hem-de talyp ýaşlar gatnaşdylar.

      Dabaranyň dowamynda welaýatymyzyň ýaş sungat ussatlary özleriniň taýýarlan baýramçylyk çykyşlary bilen ildeşlerimize ruhubelentlik paýladylar. Şirin owazly aýdym-sazlarda bagtyýar döwrümiziň, ajaýyp zamanamyzyň, zenan sarpasynyň waspy öz beýanyny tapdy. Talyp ýaşlaryň çykyşlary ildeşlerimiziň baýramçylyk ruhuny artdyryp, bu günki baýramçylyk dabarasyna özboluşly bezeg berdi. Şeýle hem dabaranyň dowamynda ildeşlerimiziň baýramçylyk gutlaglaryna hem giň orun berildi. Mährem gelin-gyzlarymyz öz çykyşlarynda halkymyza şeýle ajaýyp döwri peşgeş beren Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýtdylar. Baýramçylyk dabarasynyň dowamynda welaýatymyzyň işeňňir zenanlaryna Halkara zenanlar güni mynasybetli baýramçylyk sowgatlary hem gowşuryldy.

 

Dinara KARIMOWA,

TMÝG-niň Lebap welaýat Geňeşiniň Guramaçylyk

bölüminiň baş hünärmeni.

Meňzeş habarlar

26 Sentýabr 2024 | 25 okalan

GARAŞSYZLYK TOÝUN TOÝLAÝAR DIÝAR

26 Sentýabr 2024 | 23 okalan

ÖSÜŞIŇ WE DÖREDIJILIGIŇ ÝOLY BILEN

24 Sentýabr 2024 | 70 okalan

MÖHÜM ÇÄRÄNIŇ ÖŇÜSYRASYNDA