Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda gülden näzik gyzlarymyzyň, asylly gelinlerimiziň, güneş kimin mähirli enelerimiziň sylag-sarpasyny, abraý-mertebesini belentde tutýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Halkara Zenanlar güni mynasybetli, göwün galkyndyryjy dynç alyş çäreleri, dabaralar ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, gadymy Daşoguz topragynda hem giňden bellenip geçildi.
Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrap Geňeşi etrap häkimligi, etrabyň medeniýet we bilim ulgamlary bilen bilelikde, etrabyň Gubadag şäherindäki «Aýly agşam» toý mekanynda edara-kärhanalarda zähmet çekýän zenanlaryň gatnaşmagynda, «Bagtyýar zenanlar – Watan buýsanjy» atly şygar astynda baýramçylyk çäresini geçirdi. Aýdym-sazly baýramçylyk çäresinde etrabyň medeniýet we sungat ussatlarynyň mährem enelerimizi, gelin-gyzlarymyzy wasp edip, ýerine ýetiren şirin owazly aýdymlary, joşgunly tanslary dabaranyň şowhunyny has-da artdyrdy. Bu dabara özüniň şowhunlylygy bilen tapawutlandy.
Serdar GARLYÝEW,
TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz
etrap Geňeşiniň bölüm müdiri.