IŇ EÝJEJIK GYZJAGAZ – 2024 DAŞOGUZ WELAÝAT TAPGYRY

     Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşi Daşoguz welaýat Baş bilim müdirligi bilen bilelikde, welaýatyň Şabat etrabynyň Dilewar oba medeniýet öýünde, Milli bahar baýramy mynasybetli, ýurdumyzyň orta mekdepleriniň 2 – 4-nji synp okuwçy gyzlarynyň arasynda yglan edilen «Iň eýjejik gyzjagaz – 2024» atly şadyýan bäsleşigiň Daşoguz welaýat tapgyryny geçirdi. Bu bäsleşigiň baş maksady, hormatly Prezidentimiziň: «Beýik geljegimiz siziň bagtyýarlygyňyz, kadaly ösüşiňiz bilen aýrylmaz baglydyr. Şundan ugur alyp, nesilleri halkymyzyň asylly däpleri esasynda terbiýelemegi örän möhüm wezipeleriň biri hasaplaýarys» diýen sargytlaryndan, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň bagtyýar nesilleriniň bolelin durmuşda ýaşamagy, şadyýan, sagdyn ösmegi, döwrebap bilim-terbiýe almagy, hünär öwrenmegi, geljekde Watanymyza peýdaly adamlar bolup ýetişmekleri üçin durmuşa geçirýän beýik işlerinden, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň berýän gymmatly maslahatlaryndan ugur alyp, ösüp gelýän ýaş nesilleriň sungata, döredijilige bolan söýgüsini artdyrmakdan, bilimlerini kämilleşdirmekden, täze ýaş zehinleri ýüze çykarmakdan ybarat boldy.

     Şadyýan bäsleşigiň welaýat tapgyryna bäsleşigiň 2-nji – etrap-şäher tapgyrlarynda ýeňiji bolan okuwçy gyzjagazlar gatnaşdylar. Onda çykyş eden eýjejik gyzjagazlar düzgünnama laýyklykda, üç şert boýunça bäsleşip, öz zehinlerini, ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Bäsleşik ýokary guramaçylyk ýagdaýynda geçirilip, ol hakyky baýramçylyk ruhuna bürendi.

     Netije-de, şadyýan bäsleşigiň Daşoguz welaýat tapgyrynda Daşoguz şäheriniň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 25-nji orta mekdebiniň 2-nji synp okuwçysy Medine Nagmatyllaýewa, S.Türkmenbaşy etrabynyň 93-nji orta mekdebiň 2-nji synp okuwçysy Nurşat Myratowa, Görogly etrabynyň 17-nji orta mekdebiniň 3-nji synp okuwçysy Arzuw Mergenowa dagylar degişlilikde 1-nji, 2-nji, 3-nji orunlara mynasyp bolup, olar bu bäsleşigiň Aşgabat şäherinde geçiriljek jemleýji – döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.

     Bäsleşigiň ýeňijilerine we oňa gatnaşan ähli gyzjagazlara Ýaşlar guramasynyň ýerli Geňeşiniň Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

 

 

Orazgül AMANMÄMEDOWA,

TMÝG-niň Daşoguz welaýat Geňeşiniň bölüm müdiri.

Meňzeş habarlar