BAGTYÝAR GELJEGE YNAMLY GADAM

      Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşi, Daşoguz welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 22-nji fewralynda geçiren Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinden gelip çykýan wezipeleri ýaşlaryň arasynda dabaralandyrmak, düşündirmek, wagyz etmek maksady bilen,«Bagtyýar geljege ynamly gadam» şygary bilen, «tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlik çäresini geçirdi. Ony TMÝG-niň Daşoguz welaýat Geňeşiniň başlygy, Mejlisiň deputaty Magsat Otuzow alyp bardy. «Tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlige TDP-niň Daşoguz şäher komitetiniň partiýa guramaçysy Didar Osmanow, Daşoguz şäheriniň daşary ýurt dilini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 39-njy çagalar bakja-bagynyň müdiri, Mejlisiň deputaty Enejan Amanýazowa, Ýaşlar guramasynyň welaýat Geňeşiniň bölüm müdiri Aýnur Ýusupowa dagylar gatnaşdylar. Söhbetdeşlikde çykyş edenler türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlyklygynda 22-nji fewralda Maslahatlar merkezinde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde ara alnyp maslahatlaşylan «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny» üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça gaýragoýulmasyz çäreler, Türkmenistanyň Mejlisi, ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, jemgyýetçilik birleşikleri bilen bilelikde şu ýyl ýerine ýetirilmeli işleriň esasy ugurlary boýunça çäreleriň Meýilnamasy hem-de bu taryhy mejlisden gelip çykýan wezipeler barada giňişleýin belläp geçdiler.

      Söhbetdeşlige gatnaşanlar halkymyzy eşretli, bolelin, parahat zamanada ýaşadýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

      Bu «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlik «Altyn asyr: Türkmenistan» teleýaýlymy tarapyndan ýazgy edildi.

 

 

Gülendam SIBULLAÝEWA,

TMÝG-niň Daşoguz welaýat Geňeşiniň baş buhgalteri.

Meňzeş habarlar