Türkmenistanyň tebigaty goramak jemgyýeti 1968-nji ýylda esaslandyrylyp, ol eziz Diýarymyzyň çäginde indi ýarym asyrdan gowrak wagt bäri ekologiýa we daşky gurşawy goramak meseleleri boýunça giň möçberli ylmy, wagyz-nesihat, amaly işleri alyp barýar. Tebigaty goramakda we ekologiki jemgyýetçilik seljermelerini geçirmekde uly tejribesi bolan bu jemgyýetiň häzirki wagtda 310 müňden gowrak meýletin agzalary bar.
Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň tebigaty goramak jemgyýetiniň Daşoguz welaýat bölümi ýurdumyzda ýazky bag ekişlik möwsümine badalga berilmeginiň öňüsyrasynda, öz agzalaryna hem-de edara-kärhanalara saýaly, miweli we pürli bag nahallaryny paýlady. Jemgyýetiň demirgazyk welaýatdaky bölümi tarapyndan “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň ýazky bag ekişlik möwsüminde 8 müňe golaý dürli görnüşli bag nahallaryny paýlamak meýilleşdirilýär. Bu bag nahallarynyň ýetişdirilmegi netijesinde, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda gün-günden bagy-bossanlyga öwrülýän Watanymyzyň Daşoguz welaýatynyň obalardyr şäherçeleriniň, şäherleriniň atmosfera howasy kislorod bilen baýlaşmak bilen bir hatarda, topragyň gowulanmagyna, onuň hasyllylygynyň artmagyna, şäherlerde ses meseleleriniň belli bir möçberde azalmagyna, agroekosistemada maddalaryň we energiýanyň öwrülişiginiň işjeňleşmegine ýakyndan ýardam berer.
Umar BABAÝEW,
Türkmenistanyň tebigaty goramak jemgyýetiniň Daşoguz
welaýat bölüminiň ekologiýa we ylym bölümçesiniň başlygy,
Ilkinji Ýaşlar guramasynyň başlygy.