Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň amala aşyrýan tutumly başlangyçlarynda halkymyzyň, ýaş nesillerimiziň bähbidi, ähli watandaşlarymyzyň asuda, abadan durmuşda ýaşamagy baradaky belent maksatlar dur. Hormatly Prezidentimiziň “Men ýurdumyzyň ýaşlarynyň ene-ata we il-ýurt öňündäki mukaddes borjuny berjaý edip, mynasyp adamlar bolup ýetişjekdiklerine, ata Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda jan aýaman zähmet çekjekdiklerine pugta ynanýaryn” diýip, ýaşlara uly ynam bildirmegi bagtyýar ýaşlaryň öňünde möhüm borçlary goýýar hem-de olary ata Watanymyzy beýgeltmäge ruhlandyrýar.
Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäher Geňeşi, Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyplarynyň arasynda ýaşlarda hünäre bolan söýgüni kemala getirmek, olaryň döredijilik zehinini açyp görkezmek maksady bilen, “Hünärime hormatym bar” atly döredijilik bäsleşigini geçirdi. Bäsleşige gatnaşan talyp ýaşlar öz hünärine bolan söýgüsini, şeýle hem bu ugurdaky ukup-başarnygyny, döredijilik zehinini çeper okaýşyň üsti bilen wasp etmek boýunça toparlaýyn bäsleşdiler.
Emin agzalarynyň gelen netijelerine laýyklykda, gidromeliorasiýa dersleri usuly birleşmesi 1-nji orna, kompýuter tehnologiýalary dersleri usuly birleşmesi 2-nji orna, ösümlikçilik dersleri usuly birleşmesi 3-nji orna mynasyp boldular. Bäsleşigiň ýeňiji toparlaryna Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäher Geňeşiniň ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Ýazjemal BAZAROWA,
TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäher
Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.