Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäher Geňeşi, Daşoguzyň M.Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň talyplaryna welaýatyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde “Berkarar Watanym – taryha baý mekanym” atly şygar astynda gezelenç çäresini gurady. Bu çäre “Türkmenistanda Ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 – 2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasyny” amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirmeli çäreleriň Meýilnamasyndan ugur alnyp, ýaşlaryň şöhratly taryhymyz bilen ýakyndan tanyşmagyny, çuňňur öwrenmegini gazanmak maksady bilen geçirildi. Gezelenç çäresinde ýaşlar dürli eksponatlar, maglumatlar, ýazgylar, taryhy çeşmelerden söz açýan arheologik tapyndylar, fotosuratlar bilen tanyşdylar. Mundan başga-da, taryhda gyz-gelinlerimiziň hojalyk işlerinde ulanan abzallarydyr gurallaryny synladylar, halkymyzyň şöhratly geçmişi bilen bagly gyzykly maglumatlary aldylar hem-de muzeýiň ýörite wekili bilen sorag-jogap alyşdylar.
Arazgül MÄMEDOWA,
TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň
Daşoguz şäher Geňeşiniň uly buhgalteri.