DAŞOGUZDA PYRAGA BAGYŞLANAN MASLAHAT GEÇIRILDI

     Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşi, Daşoguz welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebinde bilim alýan talyplaryň arasynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyny hem-de türkmen halkynyň beýik akyldary, nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaralandyrmak maksady bilen, “Arkadag hem Pyragy – köňülleriň çyragy” atly maslahat geçirdi. Onda Ýaşlar guramasynyň welaýat Geňeşiniň baş hünärmeni Nurýagdy Galpakow, Boldumsaz etrap bilim bölüminiň işgäri, şahyr Tumar Kiçibalowa, bu okuw jaýynyň wekilleri – mugallymy Begmyrat Mätdurdyýew, mugallymy, Ilkinji Ýaşlar guramasynyň başlygy Ýadygär Sapargeldiýew, talyby Annabeg Aşyrowa dagylar çykyş etdiler. Çykyşlarda Magtymguly atamyzyň ömri we döredijiligi, ata-babalarymyzdan miras galan paýhas hazynasynda Magtymguly Pyragynyň edebi mirasynyň ornunyň aýratyndygy, şahyryň pähim-paýhasa ýugrulan döredijiligi bilen, ýaş nesli terbiýelemegiň nusgalyk ýoluny kemala getirendigi, akyldaryň döredijiligindäki ýaş nesle edep-terbiýe bermek üçin ulanylan öwüt-ündewleriň çuň mazmunlylygy we köpdürliligi babatda tapawutlanýandygy barada giňişleýin bellenip geçildi. Bu çäre çykyşlaryň täsirliligi bilen tapawutlandy.

 

Magsat OTUZOW,

TMÝG-niň Daşoguz welaýat Geňeşiniň başlygy,

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

Meňzeş habarlar