Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşi TKA-nyň Daşoguz welaýat birleşmesi bilen bilelikde, birleşmäniň mejlisler jaýynda beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny hem-de “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylyny dabaralandyrmak maksady bilen, “Magtymguly Pyragy – köňülleriň şahyry” atly maslahat geçirdi. Oňa “Daşoguzpoçta” welaýat kärhanasynyň, Daşoguz welaýat döwlet arhiwiniň, Daşoguz welaýat çaphanasynyň hem-de “Sungat” merkeziniň işgärleri, şeýle-de, Daşoguz welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň talyp ýaşlary gatnaşdylar.
Maslahatda çykyş edenler türkmen edebiýatynyň ösüş taryhynda esasy ornuň Magtymguly Pyraga degişlidigi, parasatly şahyryň türkmen edebiýatyny mazmun taýdan baýlaşdyran, halkylygy, milliligi ösdürip, durmuş bilen baglanyşdyran beýik söz ussadydygy, Pyragynyň sözüň güýji, gudraty bilen şygryýet äleminde ady arşa galan beýik akyldar şahyrdygy, şahyryň belent adamkärçilik baradaky garaýyşlarynyň, çuň manyly öwüt-ündewleriniň Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe täze ylham bilen gurşalan bagtyýar türkmen halkynyň kalbynda ruhubelentlik, çäksiz joşgun döredýändigi barada buýsanç bilen bellediler.
Maslahata gatnaşanlar dana akyldaryň döredijiligini köptaraplaýyn öwrenmäge, ony dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş we hoşallyk sözlerini aýtdylar.
Nurýagdy GALPAKOW,
TMÝG-niň Daşoguz welaýat
Geňeşiniň baş hünärmeni.