MAGTYMGULYNYŇ EDEBI MEKDEBI

     Golaýda şeýle mazmunly şygar bilen, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Görogly etrap Geňeşi Görogly etrap bilim bölümi bilen bilelikde, daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 65-nji orta mekdebinde maslahat duşuşygyny geçirdi. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylyny dabaralandyrmak, akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli medeni çäreleri guramak, şahyryň dünýä nusgalyk şahyrana döredijiligini ýaşlara öwretmek maksady bilen geçirilen maslahat duşuşygynda çykyş edenler Magtymguly Pyragynyň ömri-döredijiligi, dünýä ýüzünde öwrenilişi, döwlet we halkara derejesinde geçirilýän medeni çäreler dogrusynda giňişleýin bellediler. Şonuň ýaly-da, maslahatyň dowamynda döredijiligiň ýaş wekilleri Magtymguly Pyragynyň döredijiligi barada çeper okaýyş bilen çykyş etdiler. Ýaş şahyrlar Magtymguly Pyraga bagyşlap döreden goşgularyny okap berdiler.

     Maslahat duşuşygyna gatnaşyjylar akyldar şahyr Magtymguly Pyraga çäksiz  hormat goýýan, ýaş nesillere okamaga, öwrenmäge, zähmet çekmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

 

Muhammetnazar REJEPOW,

Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň daşary

ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 65-nji orta mekdebiniň

mugallymy, Ilkinji Ýaşlar guramasynyň başlygy.

Meňzeş habarlar