Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda köpçülikleýin bedenterbiýe-sport we sagdyn durmuş, medeni çäreleriň geçirilmegi ýurdumyzda ösüp gelýän ýaş nesliň berk bedenli, sagdyn ruhly, giň dünýägaraýyşly ýaşlar bolup ýetişmekleri üçin edilýän aladalaryň aýdyň subutnamasydyr. Ýurdumyzda giňden bellenilýän baýramçylyklara bagyşlanyp geçirilýän bedenterbiýe-sport çäreleri ýaşlaryň arasynda ýokary guramaçylyk ýagdaýynda geçirilýär.
Ýaňy-ýakynda şeýle sport şygary bilen, Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň 2-nji sport mekdebinde bu mekdebiň açyk birinjiligini almak ugrunda 2010 – 2011-nji ýyllarda doglan ýetginjek oglanlaryň arasynda sportuň boks görnüşi boýunça ýaryş geçirildi.
Ýaryşa 142 sany türgen 21 agram derejesi boýunça gatnaşdylar. Ýaryşyň eminler toparynyň gelen netijelerine görä, etrabyň 2-nji sport mekdebiniň “Gubadag”, “Bürgüt”, “Olimp” toparlary degişlilikde 1-nji, 2-nji, 3-nji orunlara mynasyp boldular.
Ýaryşyň ýeňijilerine etrabyň bedenterbiýe we sport bölümi tarapyndan Hormat hatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Şöhrat ATAMYRADOW,
Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň
2-nji sport mekdebiniň instruktor-usulyýetçisi,
Ilkinji Ýaşlar guramasynyň başlygy.