“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmek, ýaşlary köpçülikleýin sporta çekmek hem-de olaryň sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerip ýaşamaklaryny gazanmak maksady bilen, giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Sport bilen meşgullanýan ýaşlar üçin ýurdumyzda ählitaraplaýyn şertler we mümkinçilikler döredilen. Bu bolsa, ýaşlaryň ruhuny galkyndyryp, olary täze ýeňişlere ruhlandyrýar. Ýurdumyzda ýaşlaryň arasynda yzygiderli geçirilýän sportuň dürli görnüşleri boýunça bäsleşikler olaryň sport äleminde ökde türgenler bolup ýetişmeklerinde binýat bolup hyzmat edýär.
Golaýda şeýle mazmundaky şygar bilen, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrap Geňeşi, etrabyň 5-nji sport mekdebinde ýaşlary köpçülikleýin bedenterbiýä we sporta çekmek maksady bilen, gyzlardan düzülen toparlaryň arasynda sportuň woleýbol görnüşi boýunça bäsleşik geçirdi.
Gyzykly we çekeleşikli geçen ýaryşda ökdeler öňe saýlandylar. Netije-de, tälimçi Derman Haýytbaýewanyň halypalyk edýän topary 1-nji orna, tälimçi Dinara Sadullaýewanyň halypalyk edýän topary 2-nji orna, tälimçi Muhabbat Ismailowanyň halypalyk edýän topary 3-nji orna mynasyp boldular.
Ýeňiji bolan toparlara Ýaşlar guramasynyň ýerli Geňeşiniň Hormat hatlary hem-de ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Şamyrat NAZAROW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrap Geňeşiniň guramaçylyk
bölüminiň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.