EZBER GÖZELLER BÄSLEŞDILER

     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyz tarapyndan ýaşlaryň bagtyýarlygyny üpjün etmek ugrunda başy başlanan tutumly başlangyçlar Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan mynasyp dowam etdirilýär. Biz hem ýurdumyzda ýaş nesilleriň döwrümize, döwletimize mynasyp adamlar bolup ýetişjekdiklerini, ata Watanymyzyň gülläp ösüşlerine öz mynasyp goşantlaryny goşmaklaryny gazanmak maksady bilen ýaşlaryň arasynda dürli ýaryşlary we döredijilik bäsleşiklerini yzygiderli geçirýäris. Golaýda şeýle bäsleşikleriň birini etrabymyzyň orta hünär okuw mekdeplerinde bilim alýan talyplaryň we zähmet çekýän ýaş hünärmenleriň arasynda hem guradyk. Milli bahar baýramy mynasybetli «Ezber gözeli» diýen at bilen geçirilen döredijilik bäsleşik ýaşlaryň iş başarjaňlygyny, ugurtapyjylygyny, keşp-käre höwesini artdyrmakda, olary hünäre ugrukdyrmakda uly ähmiýete eýe boldy.

     Bäsleşigiň şertlerine laýyklykda oňa gatnaşyjy gyzlar şahyrana sözler bilen «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň şanly özgertmelerini, ýurdumyzda türkmen gelin-gyzlaryna goýulýan belent sarpany, özleriniň saýlap alan hünärlerini wasp etdiler. Şeýle hem bäsdeşler berlen wagtyň dowamyndan işdäaçary taýýarlap, milli tagamlar bilen türkmen saçagyny bezemek boýunça öz başarnyklaryny görkezdiler we tagamlaryň taýýarlanyş yzygiderliligi barada gysgaça gürrüň berdiler. Jemleýji tapgyrda bäsleşige gatnaşyjylar milli egin-eşiklerimizi döwrebaplaşdyrylan görnüşde geýip, ony şahyrana sözler bilen wasp etdiler.

     Çekeleşikli geçen bäsleşigiň netijeleri boýunça Dänew etrap häkimliginiň 1-nji tehniki hünär okuw mekdebiniň mugallymy Gunça Çaryýewa birinji orna mynasyp boldy. Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň 15-nji tehniki hünär okuw mekdebiniň mugallymy Rozaý Ýaňybaýewa bolsa bäsleşigiň ikinji baýrakly ornuny eýeledi. Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň 15-nji tehniki hünär okuw mekdebiniň talyp gyzlary Selbi Müzepberowa we Arzuw Döwletgeldiýewa dagylar bäsleşikde üçünji baýrakly orna mynasyp boldular. Bäsleşigiň ýeňijilerine Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Dänew etrap Geňeşi tarapyndan hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

     Biz — ýaşlary okamaga, owrenmäge, döretmäge, gurmaga, işlemäge, watansöýüji, zähmetsöýer, sagdyn bedenli, sagdyn ruhly ýaşlar bolup ýetişmäge ähli şertleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp köp sag bolsun aýdýarys.

 

Jemal BAZAROWA,

TMÝG-niň Lebap welaýatynyň Dänew etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

04 Iýul 2024 | 0 okalan

ÝOL HADYSALARYNDAN ÄGÄ BOLUŇ!

02 Iýul 2024 | 64 okalan

KALBA KEŞDELENILÝÄN ŞYGYRLAR