Arkadagly Gahryman Serdarymyz: «Gündogar halklarynyň durmuşynda täzelenişiň, ynsanperwerligiň, agzybirligiň we jebisligiň baýramyna öwrülen Nowruz baýramy dünýä ýüzünde giňden meşhurdyr. Nowruz baýramy bilen baglanyşykly ýerine ýetirilýän däp-dessurlar dünýä halklarynyň arasynda parahatçylyga, dost-doganlyga esaslanýan hoşniýetli gatnaşyklaryň binýadyny berkidýär» diýip belleýär we bu şanly senäni ýokary derejede bellemäge, milli däp-dessurlarymyzy dowam etdirmäge, geljekki nesillere ýetirmäge giň mümkinçilikleri döredip berýär. Ýurdumyzda we sebitde ilkinji akylly şäher – Arkadag şäherinde bolsa «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ilkinji gezek toýlanylýar.
Şeýle dabaralaryň bir, şu gün Arkadag şäheriniň Jemgyýetçilik guramalarynyň binasynda baýramçylyk duşuşygy geçirildi. Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni mynasybetli baýramçylyk duşuşygy geçirildi. Şatlyk-şowhun bilen bellenilýän bu baýramyň şanyna guralan dabaraly duşuşykda Arkadag şäheriniň syýasy partiýalarynyň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň agzybir işgärleri çykyş etdiler. «Ýaşyl begres düşäp jümle-jahana, bu gün gül Watana Nowruzym geldi» diýlip atlandyrylan baýramçylyk duşuşygynda Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň bagtyýar talyp ýaşlary şirin aýdym-sazlary ýerine ýetirdiler.
Mämmedaly ORAZALIÝEW,
TMÝG-niň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň esasy hünärmeni.