Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly ýaşlaryň ykbalyny galkyndyran, olaryň döwrebap bilim-terbiýe almagy, ösen şertlerde ýaşamagy, halal zähmet çekmegi üçin ähli mümkinçilikleriň döredilen ýyly boldy. Bu şanly ýylda ýurdumyzda amala aşyrylan ýaşlar syýasatynda, bilim ulgamynda gazanylan üstünlikler, ýetilen sepgitler muny aýtmaga doly esas berýär. Şanly ýylda buýsançly wakalaryň biri-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwet galamyndan syzylyp çykan «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly ajaýyp kitabynyň ýaşlara sowgat berilmegidir. Watany söýmegiň kämil nusgasyny görkezýän hormatly Prezidentimiziň bu eserde ýazan her bir jümlesi, gymmatly we aýdyň pikirleri ýaşlar üçin bahasyz mekdepdir. Häzirki wagtda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşi tarapyndan bu gymmatly eseriň ähmiýetini giňden wagyz etmek işleri meýilnamalaýyn älnyp barylýar.
Şeýle çäreleriň biri Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň hem-de Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň bilelikde guramagynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde durmuşa geçirilýän ýaşlar baradaky döwlet syýasaty, şeýle hem hormatly Prezidentimiziň ýiti zehininden syzylyp çykan, ýaşlaryň ýan kitabyna öwrülen «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» eseriniň ähmiýeti dogrusynda «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlik ýazgy edildi. Onda beýan edilen çykyşlarda ýurdumyzda alnyp barylýan ýaşlaryň ykbalyny galkyndyrýan beýik başlangyçlar, taryhy özgertmeler, şol sanda bilim ulgamynda ýetilen sepgitler, «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» eserinde beýan edilýän gymmatly maglumatlar dogrusynda täsirli gürrüňler edildi. Şeýle hem çykyşlaryň her birinde Watan, halk we umumadamzat bähbitli amala aşyrylýan özgertmeler üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.
Umyda KAKAÝEWA,
TMÝG-niň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň bölüm müdiri.