Şu günler Arkadag şäheriniň dürli edara-kärhanalarynda zähmet çekýän, orta, ýörite orta we ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan ýaşlaryň arasynda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny» üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça gaýragoýulmasyz wezipeler barada eden taryhy çykyşyny we «Elektron resminama, elektron resminama dolanşygy we sanly hyzmatlar hakynda», «Aragatnaşyk hakynda», «Türkmenistanda internet torunyň ösüşini we internet hyzmatlaryny etmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakynda», «Maglumat we ony goramak hakynda», «Türkmenistanyň Döwlet maglumat ulgamlaryndaky maglumaty goramak hakynda», «Kiberhowpsuzlyk hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynda göz öňünde tutulan esasy maksatlary we wezipeleri hem-de internet torunyň ösdürilmegi we peýdalanylmagy babatda işi düzgünleşdirýän Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň talaplaryny wagyz etmek maksady bilen wagyz-nesihat işleri guramaçylykly alnyp barylýar.
Wagyz-nesihat çäreleri Arkadag şäher Prokuraturasynyň, Arkadag şäheriniň Polisiýa müdirliginiň, Arkadag şäheriniň Milli howpsuzlyk müdirliginiň, Arkadag şäher Döwlet Migrasiýa gullugynyň, Arkadag şäheriniň Aragatnaşyk müdirliginiň, Arkadag şäheriniň Bilim müdirliginiň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň, bilelikde tassyklamagynda ylalaşylan meýilnama esasynda geçirilýär.
Orazgeldi ATAHALLYÝEW,
TMÝG-niň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň baş buhgalteri.