NOWRUZ BU GÜN, ÝAZ BU GÜN

      Pasyllaryň soltany bolan baharyň iň ajaýyp günlerini buşlap gözel ülkämize Nowruz geldi. Bu sene külli musulman ymmatynda iň arzyly seneleriň biri hasaplanýar. Çünki bu sene özünde halkymyza mahsus bolan milli gymmatlyklaryň, däp-dessurlaryň, edim-gylymlaryň köpsanlysyny özünde jemleýär. Bu baýramçylyk günlerinde ýerine ýetirilýän däp-dessurlar halkymyzyň agzybirliginiň, dost-doganlygyň nyşany hökmünde öz gymmatyny ýitirmän gelýär. Nowruz tebigatyň täzeden janlanyşynyň hem alamaty hasaplanýar. Edil şu günler zähmetsöýer babadaýhanlarymyz ýagşy arzuw-niýetler bilen ýaz ekişine başlaýarlar.

      Şu günler ýurdumyzyň ähli ýerinde höküm sürýän baýramçylyk dabaralaryndan, aýdym-sazly çärelerden hem görnüşi ýaly, Nowruz baýramy agzybirlikde, uly şatlyk-şagalaň, ruhubelentlik bilen garşy alynýar. Biz hem Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat Geňeşiniň guramagynda Türkmenabat şäheriniň «Türkmenistan» toý mekanynda Milli bahar baýramy mynasybetli  aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi. «Arkadagly Watanda Nowruz bu gün, ýaz bu gün» diýen at bilen guran bu dabaramyza welaýatymyzyň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän öňdebaryjy işçi ýaşlar gatnaşdylar. Baýramçylyk çäresiniň dowamynda welaýatymyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlaryna, baýramçylyk mynasybetli taýýarlan folklor eserlerine giň orun berildi. Sahna ussatlarynyň çykyşlarynda ýurdumyzyň parahatçylygynyň, bagtyýarlyk döwrümiziň waspy öz beýanyny tapdy. Şeýle hem dabaranyň dowamynda ildeşlerimiz özleriniň baýramçylyk gutlaglary, ýürek buýsançlary, döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlar özleriniň ýazan goşgulary bilen çykyş etdiler. Ildeşlerimize ruhubelentlik eçilen baýramçylyk çäresine gatnaşyjylar türkmen halkyna şeýle ajaýyp döwri peşgeş beren Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.  

 

Dinara  KARIMOWA,

TMÝG-niň Lebap welaýat Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň baş hünärmeni.

Meňzeş habarlar

04 Iýul 2024 | 0 okalan

ÝOL HADYSALARYNDAN ÄGÄ BOLUŇ!

02 Iýul 2024 | 64 okalan

KALBA KEŞDELENILÝÄN ŞYGYRLAR