Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşi welaýatyň häkimligi, jemgyýetçilik guramalary hem-de edara-kärhanalary bilen bilelikde, Daşoguz şäherindäki «Türkmeniň Ak öýi» binasynyň öňünde Milli bahar baýramy hem-de Halkara Nowruz güni mynasybetli baýramçylyk dabarasyny geçirdi. Oňa welaýat, şäher, etrap häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, edara-kärhanalarynyň ýolbaşçylarydyr jogapkär işgärleri, il sylagly ýaşulular, kümüş saçly eneler, ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň mugallymlarydyr talyplary hem-de ýaşlar gatnaşdylar. Ýokary guramaçylyk ýagdaýynda geçirilen baýramçylyk dabarasynda türkmen milli naharlary hem-de baý türkmen milli saçagynyň dürli görnüşli önümleri bişirildi. Şeýle-de, bu ýerde welaýatyň sport ussatlary özleriniň görkezme çykyşlaryny sergilediler. Dabarada welaýatyň medeniýet-sungat ussatlary, bagşy-sazandalary bolsa, şirin owazly çykyşlary bilen, baýramçylyga ajaýyp öwüşgin berdiler. Iň bir naýbaşy we halklary birleşdirýän baýramyň bu dabarasy oňa gatnaşanlaryň hakydasynda uzak wagtlap ýaşar.
Wepa ESENOW,
TMÝG-niň Daşoguz welaýat Geňeşiniň hünärmeni.