GELSE NOWRUZ ÄLEME, REŇ KYLAR JAHAN PEÝDA

      Golaýda şeýle baýramçylyk şygary bilen, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň  Daşoguz welaýatynyň Ruhubelent etrap Geňeşi, etrabyň häkimligi, jemgyýetçilik guramalary hem-de edara-kärhanalary bilen bilelikde, Milli bahar baýramy hem-de Halkara Nowruz güni mynasybetli, Ruhubelent etrabynyň çäginde ýerleşýän gadymy Diýarbekir galasynda baýramçylyk dabarasyny geçirdi. Ýokary ruhubelentlige beslenen baýramçylyk dabarasynda etrabyň medeniýet-sungat ussatlary ajaýyp çykyşlary bilen, oňa gatnaşanlara ruhy lezzet paýladylar. Bu ýerde türkmen milli el işleriniň sergisi, gyzgalaňly sport ýaryşlary hem-de çagalar üçin türkmen milli oýunlary guraldy. Baýramçylyk dabarasy oňa gatnaşanlara unudulmajak pursatlary sowgat etdi.

 

Ýakup ATABAÝEW,

TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň Ruhubelent etrap Geňeşiniň başlygy,

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

Meňzeş habarlar