Ýaňy-ýakynda şeýle baýramçylyk şygary bilen, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşi TAP-nyň Daşoguz welaýat komiteti hem-de TKA-nyň Daşoguz welaýat birleşmesi bilen bilelikde, Daşoguz welaýat kitaphanasynyň mejlisler jaýynda Milli bahar baýramy hem-de Halkara Nowruz güni mynasybetli, «Nowruz – tebigatyň hem-de köňülleriň baýramy» ady bilen, maslahat geçirdi. Oňa Daşoguz welaýat maliýe-ykdysady hem-de Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw mekdepleriniň talyp ýaşlary gatnaşdylar. Maslahat duşuşygynda Milli bahar baýramy hem-de Halkara Nowruz güni mynasybetli gutlaglara, şeýle-de, baýramyň ähmiýeti, onuň döreýiş taryhy, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bu şanly senä berilýän öwüşgin dogrusyndaky çykyşlara giň orun berildi.
Nurýagdy GALPAKOW,
TMÝG-niň Daşoguz welaýat Geňeşiniň baş hünärmeni.