Golaýda şeýle şygar astynda, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşi welaýat häkimligi, welaýat medeniýet müdirligi, welaýatyň jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde, Milli bahar baýramy hem-de Halkara Nowruz güni mynasybetli, Daşoguz şäherindäki “Bagt köşgi” toý dabaralary merkezinde tagam taýýarlamak bäsleşigini geçirdi. Welaýatyň ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň talyp gyzlarynyň arasynda türkmen milli tagamlaryny bişirmek boýunça geçirilen bäsleşik ýokary guramaçylyk ýagdaýynda geçirildi. Onda talyp gyzlar türkmen milli naharlaryny taýýarlamakda öz ýiti zehinlerini, ukyp-başarnyklaryny açyp görkezdiler. Emin agzalarynyň gelen netijelerine laýyklykda, Türkmen oba hojalyk institutynyň we Gurbansoltan eje adyndaky Daşoguz lukmançylyk orta hünär okuw mekdebiniň talyplary 1-nji orna, B.Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň we Daşoguzyň M.Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň talyplary 2-nji orna, Daşoguz welaýat maliýe-ykdysady we Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw mekdepleriniň talyplary 3-nji orna mynasyp boldular. Olaryň ählisine Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşiniň hem-de welaýatyň beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Mämmetjan BABAÝEW,
TMÝG-niň Daşoguz welaýat
Geňeşiniň esasy hünärmeni.