BAHARDA WATANYMYZYŇ WASPY

     Ýaňy-ýakynda şeýle mazmunly şygar bilen, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşi Daşoguz welaýat medeniýet müdirligi bilen bilelikde, Daşoguz welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Milli bahar baýramy mynasybetli, surat çekmek we sergi bäsleşigini geçirdi. Daşoguz şäherindäki çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylarynyň arasynda geçirilen bu bäsleşik gözel tebigatymyzy, daşky gurşawyň sazlaşygyny, ekologiýa abadançylygyny çeper wasp etmek maksady bilen geçirildi. Bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, emin agzalary tarapyndan onuň ýeňijileri kesgitlenildi. Ýeňijiler Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşiniň Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglandy.

 

Magsat OTUZOW,

TMÝG-niň Daşoguz welaýat Geňeşiniň başlygy,

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

Indiki makala

NOWRUZ GELDI ILIME...

Meňzeş habarlar