Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Görogly etrap Geňeşi, Görogly etrap bilim we medeniýet bölümleri bilen bilelikde, 31-nji orta mekdepde «Nowruz geldi ilime» atly bäsleşik geçirdi. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyny dabaralandyrmak, Milli Bahar baýramy we Halkara Nowruz güni mynasybetli dabaralary guramak, hünärli, zehinli, bilimli ýaşlary kemala getirmek, okuwçy ýaşlaryň arasyndan täze ýaş zehinleri ýüze çykarmak maksady bilen geçirilen bäsleşikde 31-nji orta mekdebiň 10-njy synplarynda okaýan gyzlardan düzülen «Nowruz» we «Bahar» toparlary öz aralarynda milli el işleriniň ýerine ýetirilişini, milli tagamlarymyzyň taýýarlanyşyny gürrüň bermekde, halk döredijiliginiň görnüşlerini ýerine ýetirmekde, ata Watanymyzy, mährem enelerimizi wasp edýän aýdymdyr goşgulary ýerine ýetirmekde öz aralarynda bäsleşdiler. Baýramçylyk ruhuna mahsus görnüşde şatlykly pursatlara baý bolan bäsleşigiň jemi jemlenende eminler toparynyň gelen netijelerine görä, «Bahar» topary bäsleşigiň ýeňijisi diýlip yglan edildi. Bäsleşige gatnaşanlara onuň guramaçylary tarapyndan Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.
Täjigül GYLYJOWA,
TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň
Görogly etrap Geňeşiniň uly buhgalteri.