Ýaňy-ýakynda şeýle şygar astynda, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Görogly etrap Geňeşi Görogly etrap bilim bölümi bilen bilelikde, etrabyň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 50-nji orta mekdebinde döredijilik bäsleşigini geçirdi. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaralandyrmak, Magtymguly atamyzyň halk arasyndaky saklanyp galan, dürli döwürlerdäki suratlaryny, taryhy keşbini şekillendiriş sungatynyň üsti bilen beýan etmek, döredijiligiň üsti bilen ýaşlarda Pyragynyň döredijiligine bolan söýgini terbiýelemek, zehinli, bilimli, watansöýüji ýaşlary kemala getirmek maksady bilen geçirilen döredijilik bäsleşigine etrabyň çägindäki orta mekdepleriň 9 – 11-nji synplarynda okaýan, döredijiligiň şekillendiriş sungaty bilen meşgullanýan okuwçylar gatnaşdylar. Surat çekmek boýunça geçirilen döredijilik bäsleşiginde okuwçylar bellenen wagtyň dowamynda Magtymguly Pyragynyň suratyny çekmek boýunça öz ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Bäsleşigiň jemleri boýunça, daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirlen 50-nji orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Aýjahan Arazmedowa 1-nji orna, 8-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Meňli Saryýewa 2-nji orna, 44-nji orta mekdebiň 9-njy synp okuwçysy Selbi Nurýagdyýewa 3-nji orna mynasyp bolup, olar bäsleşigiň ýeňijileri diýlip yglan edildi. Ýeňijilere Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Görogly etrap Geňeşiniň Görogly etrap bilim bölümi bilen bilelikdäki Hormat hatlary gowşuryldy.
Kemal SABYROW,
TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň Görogly etrap
Geňeşiniň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.