Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyz aýdyň ýol bilen belentliklerden-belentliklere barýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde, ýaş nesliň watançylyk ruhunda terbiýelenmegi, olaryň kämil şahsyýetler bolup ýetişmegi, tebigy zehinlerini, ukyp-başarnyklaryny açmagy, ösdürmegi ugrunda giň mümkinçilikler döredilýär. Bedew bady bilen okgunly öňe barýan berkarar döwletimizde ýaş nesilleriň bagtyýar hem-de abadan durmuşda ýaşamagynda, ýaşlaryň halkara ülňülerine laýyk gelýän döwrebap bilim almagynda, saýlap alan hünärleri boýunça bilimlerini artdyrmagynda, ylmy we döredijilik işlerine höweslenmeginde, dünýägaraýyşlarynyň giňelmeginde, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagynda hemmetaraplaýyn goldaw bermek hormatly Prezidentimiziň öňde goýýan wezipeleriniň biridir.
Ýaňy-ýakynda Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyp gyzlarynyň arasynda Halkara Nowruz güni mynasybetli, «Hany bakaly, gyzlar!”» atly zehin bäsleşigi geçirildi. Bäsleşige gatnaşan talyp gyzlar ene-mamalarymyzdan nesilden-nesle geçip, dowam edip gelýän milli el işlerimizi ýerine ýetirmek, gelin-gyzlara mahsus bolan halk döredijiliginiň şahyrana eserlerini çeper beýan etmek, milli tagamlar bilen bezelen türkmen saçagyny bezemek we olary wasp etmek ugurlary boýunça hünär ugurlary boýunça toparlaýyn bäsleşdiler. Onuň netijeleri boýunça, maglumat ulgamlary hünäriniň talyp gyzlary 1-nji orna, weterinariýa hünäriniň talyp gyzlary 2-nji orna, ykdysadyýet we meýilnamalaşdyryş hünäriniň talyp gyzlary 3-nji orna mynasyp boldular. Bäsleşigiň ýeňijilerine Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäher Geňeşiniň ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Ýazjemal BAZAROWA,
TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň
Daşoguz şäher Geňeşiniň esasy hünärmeni.