MILLI MIRASYM – HAZYNAM

     Ýaňy-ýakynda şeýle mazmundaky şygar astynda, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşi Daşoguz welaýat medeniýet müdirligi bilen bilelikde, welaýatyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde duşuşyk geçirdi hem-de sergi gurady. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ÝUNESKO-nyň işleri baradaky Türkmenistanyň milli toparynyň Sekretariaty bilen bilelikde, “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda geçirilmeli çäreleriň çäklerinde geçirilen bu çäre asyrlaryň jümmişinden gelip ýeten milli gymmatlyklarymyzy, şaý-seplerimizi, el işlerimizi ýaşlaryň arasynda wagyz etmek maksady bilen guraldy. Oňa Daşoguz welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň talyplary hem-de Daşoguz şäheriniň ýaş fizikleriň we matematikleriň ýöriteleşdirilen 21-nji orta mekdebiniň okuwçylary gatnaşdylar. Ýaşlar muzeýiň etnografiýa bölümindäki pederlerimizden bize miras galan gündelik hojalykda ulanylan esbaplar, zenan egin-eşikleri we şaý-sepleri, keçe senetçiligi we ony taýýarlamakda ulanylan enjamlar bilen tanyşdylar. Serginiň çäklerinde muzeýiň ýörite wekili ýaşlara ata-babalarymyzyň geçen şöhratly ýoly, olaryň bize miras goýan milli gymmatlyklarymyz barada giňişleýin we täsirli gürrüňleri berdi. Şeýle-de, ýaşlar bu ýerde özlerini gyzyklandyrýan soraglara jogap aldylar. Bu duşuşyk özüniň gyzyklylygy hem-de özüne çekijiligi bilen tapawutlandy.

 

Serdar ŞYHYÝEW,

TMÝG-niň Daşoguz welaýat

Geňeşiniň başlygynyň orunbasary.

Meňzeş habarlar