«HÜNÄRLI ELLER» ATLY DÖREDIJILIK BÄSLEŞIGI GEÇIRILDI

     Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Görogly etrap Geňeşi Görogly etrap bilim bölümi bilen bilelikde, Milli bahar baýramy mynasybetli, etrabyň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirlen 65-nji orta mekdebinde  «Hünärli eller» atly döredijilik bäsleşigini geçirdi. Orta mekdepleriň 7 – 10-njy synplarynda okaýan gyzlaryň arasynda geçirilen bäsleşige etrapdaky mekdepleriň ählisinde hereket edýän gyzlar gurnagynyň işjeň agzalary gatnaşdylar. Olar bäsleşigiň 4 şerti boýunça bäsleşdiler we hünärleri ele almakda öz başarnyklaryny görkezmäge çalyşdylar. Bäsleşigiň dowamynda gyzlar özüňi tanyşdyrmak, el işlerini şahyrana wasp etmek, keşde gaýamak hem-de el işleriniň sergisini guramak ýaly ugurlardan öz ukyp-başarnyklaryny görkezdiler.

     Etrapdaky mekdeplerden tejribeli bilim işgärlerinden ybarat eminler toparynyň agzalary bäsleşige gatnaşan okuwçylaryň ýerine ýetiren işlerine seljerme berip, olara orunlary kesgitlediler. Bäsleşigiň şertlerini ýerine ýetirmekde 1-nji orta mekdebiň «Çeper eller» gyzlar topary 1-nji orna, 45-nji orta mekdebiň «Hünärli eller» gyzlar topary 2-nji orna, 5-nji orta mekdebiň «Gülälek» gyzlar topary 3-nji orna mynasyp boldular.

     Bäsleşikde ýeňiji bolan toparlara onuň gurnaýjylary tarapyndan Hormat hatlary gowşuryldy.

 

Altyn ATAKOWA,

TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň

Görogly etrap Geňeşiniň bölüm müdiri.

Meňzeş habarlar