GARAŞSYZLYGYŇ MERJEN DÄNELERI – 2024 DAŞOGUZ WELAÝATYNYŇ DAŞOGUZ ŞÄHER TAPGYRY

      Golaýda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllygy mynasybetli edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň hem-de zehinli çagalaryň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde zehinli çagalaryň arasynda geçirilýän «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» atly bäsleşigiň Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäher tapgyry welaýatyň adybir dolandyryş merkeziniň «Ýaşlar» merkezinde geçirildi. Oňa zehinli çagalar ýokary ruhubelentlikde hem-de uly höwes bilen gatnaşdylar. Ýaş nesilleriň döredijilik ukyp-başarnyklaryny, zehinlerini ýüze çykarmak maksady bilen geçirilen bäsleşikde sungat ýaş wekilleri onuň şertleri esasynda özleriniň döredijilik başarnyklaryny ezberlik bilen görkezdiler. «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» atly bäsleşigiň bu tapgyrynda şadyýan çagajyklar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bedew bady bilen öňe barýan ýurdumyzyň ösüşlerini, bagtyýar çagalygy, dost-doganlygy, ata Watanymyzy, hormatly Prezidentimizi, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynyň rowaçlyklaryny özleriniň ajaýyp aýdym-sazlary, tanslary bilen wasp etdiler.

      Emin agzalarynyň gelen netijelerine laýyklykda, daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 10-njy orta mekdebiň 7-nji synp okuwçysy Kerwen Hojaýew, daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebiň 4-nji synp hem-de şol mekdebiň 7-nji synp okuwçylary Baýramgeldi Baýramgeldiýew, Aýläle Käbäýewa, 28-nji orta mekdebiň 5-nji synp okuwçysy Selbi Gurbandurdyýewa dagylar bäsleşigiň ýeňijileri diýlip yglan edildiler hem-de olar bu bäsleşigiň welaýat tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.

      Bäsleşigiň ýeňijilerine hem-de oňa işjeň gatnaşanlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäher Geňeşiniň ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

 

Ýazjemal BAZAROWA,

TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň

Daşoguz şäher Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar