Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşi Türkmen oba hojalyk institutynyň Ilkinji Ýaşlar guramasy bilen bilelikde, institutyň talyp ýaşlarynyň arasynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli, şahyryň watançylyk, mertlik, gaýduwsyzlyk we ahlak temalarda ýazan şygyrlarynyň many-mazmunyny wagyz etmek maksady bilen, «Magtymguly Pyragynyň şygyrlary – ýaşlara ýörelge» atly diwar gazetlerini taýýarlamak boýunça bäsleşik geçirdi. Institutyň kitaphanasynda geçirilen bäsleşige talyp ýaşlar uly höwes bilen gatnaşdylar. Bu bolsa, ýaşlaryň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, ruhy taýdan kämildikleriniň hem-de nusgawy edebiýatymyzyň görnükli wekili Magtymguly Pyragynyň eserlerini ürç edip okaýandyklarynyň nobatdaky subutnamasy boldy. Şeýle häsiýetli bäsleşikler welaýatyň ähli okuw mekdeplerinde bolşy ýaly, Türkmen oba hojalyk institutynda hem yzygiderli geçirilýär.
Nurýagdy GALPAKOW,
TMÝG-niň Daşoguz welaýat Geňeşiniň baş hünärmeni.