Ýaňy-ýakynda şeýle mazmundaky şygar bilen, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşi, Daşoguz welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde «tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlik çäresini gurady. Bu çäre türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde geçirilen Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar Geňeşiniň 15-nji mejlisinden gelip çykýan wezipeleri ýaşlaryň arasynda wagyz etmek maksady bilen geçirildi. Söhbetdeşlikde Ýaşlar guramasynyň ýerli Geňeşiniň wekiliniň hem-de guramanyň işjeň agzalarynyň çykyşlary diňlenildi. Ýaşlaryň ýürek buýsançly çykyşlaryna giň orun berlen söhbetdeşlikdäki çykyşlaryň özenini Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar Geňeşiniň 15-nji mejlisinde Gahryman Arkadagymyzyň öňe süren öňdengörüji teklipleri, çuň many-mazmuna beslenen taryhy çykyşy, ýaşulularymyzyň ýaşlary terbiýelemekdäki alyp barýan asylly zähmeti, döwletde we jemgyýetde tutýan wajyp orny dogrusyndaky buýsançly gürrüňler düzdi.
Serdar ŞYHYÝEW,
TMÝG-niň Daşoguz welaýat Geňeşiniň başlygynyň orunbasary.