GARAŞSYZLYGYŇ MERJEN DÄNELERI – 2024 DAŞOGUZ WELAÝATYNYŇ GÖROGLY ETRAP TAPGYRY

      Golaýda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllygy mynasybetli edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň hem-de zehinli çagalaryň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde zehinli çagalaryň arasynda geçirilýän “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” atly bäsleşigiň Daşoguz welaýatynyň Görogly etrap tapgyry etrabyň medeniýet öýünde geçirildi. Bäsleşigiň nobatdaky tapgyryna etrabyň zehinli çagalary we çagalar döredijilik toparlary gatnaşdylar.

      Ýaş nesilleriň döredijilik ukyplaryny, başarnyklaryny, zehinlerini ýüze çykarmak maksady bilen geçirilen bäsleşikde ýaşajyk sungat ussatlary onuň şertleri esasynda özleriniň döredijilik başarnyklaryny ezberlik bilen görkezdiler. Bagtyýar çagalaryň her biriniň buýsançly hem-de şowhunly çykyşlary tomaşaçylarda ýakymly täsirleri galdyrdy.

      “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” atly bäsleşigiň etrap tapgyrynda şadyýan çagajyklar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bedew bady bilen öňe barýan ýurdumyzyň ösüşlerini, bagtyýar çagalygy, dost-doganlygy, ata Watanymyzy, hormatly Prezidentimizi, “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň rowaçlyklaryny özleriniň  döwrebap aýdym-sazlary, tanslary bilen joşgunly wasp etdiler.

      Bagtyýar çagalaryň we döredijilik toparlarynyň joşgunly çykyşlary geljekde milli aýdym-saz sungatymyzy ösdürjek nesliň kemala gelýändigini dabaralandyrdy.     Bäsleşigiň emin agzalary bagtyýar çagalaryň ýerine ýetiren ajaýyp çykyşlaryna mynasyp baha berip, aýratyn tapawutlananlaryny ýüze çykardylar.

      Netije-de, 17-nji orta mekdebiň 4-nji synp okuwçysy Hudaýberdi Hojaberdiýew, daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 65-nji orta mekdebiň 4-nji synp okuwçysy Ýakup Altybaýew, 23-nji orta mekdebiň 6-njy synp okuwçysy Ogultäç Öwezowa, 17-nji orta mekdebiň 7-nji synp okuwçysy Bilbil Atajanowa dagylar bäsleşigiň ýeňijileri diýlip yglan edildiler hem-de olar bu bäsleşigiň welaýat tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.

      Bäsleşige gatnaşan bagtyýar nesilleriň ählisine Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Görogly etrap Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

 

Altyn ATAKOWA,

TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň

Görogly etrap Geňeşiniň bölüm müdiri.

Meňzeş habarlar