Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň döwletli tutumlaryny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda berkarar Watanymyz günsaýyn ösýär, özgerýär. Şeýle taryhy döwürde Watanymyzyň durmuşynda bolup geçýän ajaýyp wakalar joşgunly ýüreklere ylham berýär.
Hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän umumadamzat ähmiýetli başlangyçlary ýer ýüzünde gyzgyn goldaw tapýar. 23-nji martda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy esasynda «2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilendigi baradaky hoş habaryň aýdylmagy mynasybetli, golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Görogly etrap Geňeşi etrabyň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 50-nji orta mekdebinde bilim ulgamynda zähmet çekýän ýaşlaryň gatnaşmagynda, «Parahatçylygyň we ösüşiň taglymaty» atly «tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlik geçirildi.
Onda çykyş edenler «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň alyp barýan parahatçylyk, dostluk, hoşniýetlilik ýörelgeleriniň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen oňyn içeri we daşary syýasatyň barha rowaçlanýandygyny, bu gün ata Watanymyz hemişelik Bitaraplyk halkara hukuk ýagdaýyna esaslanyp, dünýäde parahatçylygy berkitmek, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmak tagallalaryny öňe sürýändigini buýsanç bilen beýan etdiler.
«Tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlige gatnaşyjylar ýurdumyzy ösüşleriň ak ýolundan röwşen geljege tarap alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.
Altyn ATAKOWA,
TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň
Görogly etrap Geňeşiniň bölüm müdiri.