TARYHYMYZ ASYRLARYŇ ÝAŇYDYR

   Golaýda şeýle şygar astynda, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäher Geňeşi «Türkmenistanda Ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 – 2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasyny» amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirmeli çäreleriň Meýilnamasyndan ugur alyp, ýaşlaryň taryhymyz bilen ýakyndan tanyşmagyny, ony çuňňur öwrenmegini gazanmak maksady bilen, Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyplarynyň gatnaşmagynda welaýatyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine gezelenç çäresini geçirdi.

   Bu çärede talyp ýaşlar şöhratly taryhymyza degişli bolan dürli eksponatlar, maglumatlar, ýazgylar, arheologik tapyndylar, fotosuratlar, halkymyzyň buýsanjy saýylýan beýik şahsyýetlerimiziň ömür ýoly, nesilden-nesle geçip gelýän milli kesp-kär we sungat eserlerimiz, maddy-medeni gymmatlyklarymyz bilen tanyş boldular. Gezelenç ýaşlarda uly täsir galdyrdy. Şeýle gyzykly we täsirli çäreleriň yzygiderli guralmagy ýaşlarda berkarar Watanymyza, onuň gözel tebigatyna, gymmatly taryhy mirasymyza bolan söýgüsini artdyrýar.

 

Hurşida ATAÝEWA,

TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň

Daşoguz şäher Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar