EZBER GYZLAR BÄSLEŞDILER

     Ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän ýaşlar baradaky döwlet syýasaty netijesinde berkarar döwletimizde beden taýdan sagdyn, ýokary ahlakly, çuň aň-bilimli, watanperwer nesiller kemala gelýär. Berkarar döwletimizde ýaşlaryň kämil bilimleri ele almaklaryny gazanmak, olaryň giň dünýägaraýyşly şahsyýetler bolup ýetişmeklerini üpjün etmek bilen birlikde ýaşlaryň döredijilik başarnyklaryny ýüze çykarmakda, olary täze gözleglere ruhlandyrmakda hem giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Milli mirasymyzyň gymmatlyklaryny, olaryň durmuş ähmiýetini ösüp gelýän ýaşlaryň dowam etmeklerini gazanmakda ýaşlar bilen geçirilýän duşuşyklaryň, terbiýeçilik ähmiýetli wagyz-nesihat çäreleriň, bäsleşikleriň hem ähmiýeti uludyr. Şu maksatdan ugur alyp golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat Geňeşiniň Lebap welaýat Baş bilim müdirliginiň hem-de Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Lebap welaýat bölümi bilen bilelikde yglan eden «Berkarar döwletiň kämil ýaşlary» atly geçirilen döredijilik bäsleşiginiň etrap tapgyry geçirildi. Oňa Dänew etrabynyň orta  mekdepleriniň ýokary synp okuwçy gyzlary işjeňlik we ýokary ruhubelentlik bilen gatnaşdylar.

     Bäsleşik okuwçy gyzlaryň türkmen halkynyň baý geçmiş mirasyny, medeni gymmatlyklaryny öwrenişine göz ýetirmäge uly mümkinçilik döretdi. Bagtyýar ýaşlar özleriniň başarnyklary boýunça amaly-haşam döredijilik işlerinde (zergärçilik, küýzegärçilik, heýkeltaraşlyk), milli işlerinde taryhy geçmişimiziň gymmatlyklaryny, bagtyýar döwrümiziň ösüş depgini beýan etdiler. Bäsleşige hödürlenen işlerde ýaşlar Watana söýgüsini, bagtyýar durmuşy bolan buýsanjyna, milli mirasymyzy ösdürmäge bolan hyjuwyny açyk-aýdyň görkezdiler. Bäsleşigiň netijeleri boýunça zergärçilik ugry boýunça 18-nji orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy Selbi Babajanowa, küýzegärlik ugry boýunça 8-nji orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy Selbi Baýramowa we 12-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Gunça Maksudowa ýeňijiler diýlip yglan edildiler. Milli el işi boýunça I orna 2-nji orta mekdebiniň 9-njy synp okuwçysy Mähri Amanmyradowa, II orna 4-nji orta mekdebiň okuwçysy Gözel Gahrymanowa, III orna 17-nji orta mekdebiň okuwçysy Nargiza Ýoldaşowa, 19-njy orta mekdebiň okuwçysy Şemşat Suhrabowa, 39-njy orta mekdebiň okuwçysy Enejan Joramyradowa, 1-nji orta mekdebiň okuwçysy Bahargül Arslanowa, 28-nji orta mekdebiň okuwçysy Mähri Bekjanowa dagylar mynasyp boldular.

     Bäsleşikde ýeňiş gazanan gyzlara Türkmenistanyň TMÝG-niň Lebap welaýatynyň Dänew etrap Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary we Hormat hatlary gowşuryldy.

Rahmet BEŞIMOW,

TMÝG-niň Lebap welaýatynyň

Dänew etrap Geňeşiniň sanly ulgam boýunça hünärmeni.

Meňzeş habarlar

26 Sentýabr 2024 | 25 okalan

GARAŞSYZLYK TOÝUN TOÝLAÝAR DIÝAR

26 Sentýabr 2024 | 23 okalan

ÖSÜŞIŇ WE DÖREDIJILIGIŇ ÝOLY BILEN

24 Sentýabr 2024 | 70 okalan

MÖHÜM ÇÄRÄNIŇ ÖŇÜSYRASYNDA